Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-17) 2026-njy ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

MilliInfo

8 Awgust, 2025

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-17) 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrdaky garşydaşlary belli boldy. «F» toparçada milli ýygyndymyzyň garşysyna Tailandyň, Kuweýtiň, Mongoliýanyň we Maldiwleriň ýygyndylary çykar.

Toparçanyň oýunlary 2025-nji ýylyň 22—30-njy noýabry aralygynda Tailandyň Çonburi şäherinde geçiriler.

Saýlama tapgyra jemi 38 ýygyndy gatnaşyp, olar 7 toparça bölüner. Her toparçanyň ýeňijileri final tapgyryna göni gatnaşmak hukugyna eýe bolar.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2026-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystanynda geçiriler. Bu ýaryşa yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo