Türkmenistanyň wekili CAFA 2025-de gözegçi emin hökmünde çykyş eder

MilliInfo

27 Awgust, 2025

Şu gün, 27-nji awgustda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanow CAFA Milletler Kubogy 2025-de emin hökmünde çykyş etmek üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine bardy. Çarymyrat Gurbanow bu abraýly halkara ýaryşda gözegçi emin hökmünde Türkmenistana wekilçilik eder. Ýaryş 29-njy awgust — 8-nji sentýabr aralygynda iki şäherde — Duşenbe (Täjigistan) hem-de Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriler. Çarymyrat Gurbanow bu ýaryşda Duşenbe şäherinde geçirilýän «B» toparçanyň duşuşyklarynyň birnäçesine gatnaşar. 

Bu halkara ýaryşyň «B» toparçasynda Eýranyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Hindistanyň ýygyndy toparlary çykyş edýär. Toparçanyň ähli duşuşyklary Duşenbe şäherindäki «Hisor» merkezi stadionynda geçiriler. Ýaryşyň açylyş duşuşygy «B» toparçadaky Eýran bilen Owganystanyň 29-njy awgustda sagat 17:00-da geçiriljek duşuşygy bilen başlanar. 

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary häzirki wagtda baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda 24 futbolçy bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde bu ýaryşa ykjam taýýarlyk görýär. 

Çarymyrat Gurbanow çep tarapda

Milli ýygyndymyz bu abraýly ýaryşda «A» toparçada çykyş edýär. Onuň garşydaşlary Özbegistanyň, Gyrgysyztanyň we Omanyň milli ýygyndylary bolar. 

Halkara ýaryşyň final duşuşygy «Jar» stadionynda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolsa «Hisor» merkezi stadionynda 8-nji sentýabrda guralar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo