Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini ýok etmek boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

MilliInfo

13 sagat öň

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň we Marokkonyň hökümetiniň howandarlygynda 11—13-nji fewral aralygynda geçýän Çaga zähmetini ýok etmek boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar. Bu forum çagalaryň zähmetini gadagan etmegi çaltlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri işläp düzmek üçin hökümetleriň, halkara guramalarynyň we durmuş hyzmatdaşlarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Maslahatyň maksatnamasyna ýokary derejeli umumy mejlisler, mowzuklaýyn çekişmeler we tejribe alyşmaga, netijeli usullary işläp düzmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda çagalaryň bilimi we durmuş goraglylygy ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga bagyşlanan ýörite çäreler girýär.

Türkmenistanyň bu forumyň işine gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny hem-de onuň oňyn gepleşiklere we ynsanperwer gymmatlyklary öňe sürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info