Şu gün — 13-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar öz işine başlady. Çäre «Blue Peace Central Asia» (BPCA) başlangyjynyň Sebitleýin konsultatiw komitetiniň işiniň çäginde ýaýbaňlandyryldy.
Seminar Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara instituty (IWMI) tarapyndan Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň (SDC) goldawy esasynda, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC / RECCA) bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Duşuşygyň esasy maksady Merkezi Aziýa üçin orta we uzak möhletde möhüm bolan suw meselelerini anyklamak, uýgunlaşma boýunça ileri tutulýan ugurlary we innowasion çözgütleri maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek we işleri utgaşdyrmak bolup durýar.
Çärä degişli ministrlikleriň, ylmy merkezleriň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşyp, olar sebitiň ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine we suw serişdelerini dolandyrmaga degişli meselelere bilelikde nähili jogap berip biljekdiklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Maslahata gatnaşýan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Gidrometeorologiýa gullugynyň wekilleri hem-de Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory agzalyk edýär.
Şeýlelikde, seminara gatnaşyjylar 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny — gidrodiplomatiýanyň ösdürilmegini, kiçi serhetara derýalaryň bilelikde dolandyrylmagyny we suw hem-de howa başlangyçlary boýunça hünärmen mümkinçilikleriniň berkitilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.

