Düýn — 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Şondan soň harby gullukçylar edebi-sazly kompozisiýany hem-de eziz Watanymyzy wasp edýän buýsançly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny kesdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulypdyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar toplumynyň dolandyryş binasyna bardy.
Bu ýerde harby gullukçy hormatly Prezidentimizi Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormat ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan nepis türkmen halysy sowgat gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň harby bölümiň lukmançylyk nokadynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Lukmançylyk nokady iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi saglygy goraýşyň halkara standartlaryna doly laýyk gelmek bilen, harby gullukçylaryň saglygyny berkitmekde we gorap saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerler ýatakhanasyna bardy hem-de bu ýerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz esgerler naharhanasyna hem baryp gördi. Bu ýerde harby gullukçylar döwlet Baştutanymyzy naharhananyň döwrebap mümkinçilikleri, azyk önümlerini saklamak we datly tagamlary taýýarlamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.
Şondan soň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýyna geldi. Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açaryny alan harby gullukçy N.Kowusow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesliň dynç almagy, sagdyn hem-de erkana ösmegi üçin niýetlenen oýun meýdançasy döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda ählitaraplaýyn alada etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.
Harby bölümiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge we ýaryşlary guramaga niýetlenen meýdançalar bar. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň tälim almak bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklarynda we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmaklarynda ähmiýetlidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz sadaka jaýyna we toplumyň çägindäki söwda nokadyna baryp gördi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumyny gurduryp berendikleri üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere mukaddes harby gullukda hem-de Watanymyzyň asudalygyny üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipelerini mynasyp ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, täze harby bölümiň binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
