Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan edildi

MilliInfo

17 sagat öň

Düýn — 16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylan gününden bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Guramanyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak, olary has-da höweslendirmek boýunça degişli bäsleşigi yglan etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Dabarada Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri atlandyryldy. Bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar gezekli-gezegine sylagyny kabul etdiler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlardyr. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlar dialogynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo