Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) toparçadaky çykyşyny tamamlady

MilliInfo

8 sagat öň

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň «A» toparçasynda çykyş eden Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23)  6 utuk bilen toparçadaky çykyşyny tamamlady.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ilkinji iki duşuşygyny üstünlikli geçirip, Hytaý Taýpeýini 5:1, Butany bolsa 2:0 hasabynda ýeňdi we 6 utuk toplapdy. Şu netijelerden soň toparymyzyň esasy garşydaşy Iordaniýa bilen toparçanyň birinji orny ugrundaky duşuşykda ýaş futbolçylarymyz garşydaşlaryndan 2:1 hasabynda asgyn geldiler. 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň Amman şäherindäki «Patyşa Abdylla II» stadionynda geçirilen bu möhüm oýunda ýygyndymyzyň goluny 90+4-nji minutda Magtymberdi Berenow geçirdi.

Netijede, Türkmenistanyň ýygyndysy 6 utuk bilen toparçada ikinji orunda galdy. Ýaryşyň geçiş tertibine görä, saýlama tapgyrynda toparçada birinji orny eýelänler hem-de ikinji ornuň eýeleriniň iň gowy dördüsi Aziýa Kubogy-2026-nyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar: Özbegistan, Hytaý, Liwan we Birleşen Arap Emirlikleri.

Şeýlelikde, saýlama tapgyrynyň «A» toparçasynyň utuk we gol sanlary şu ýagdaýda tamamlandy:
1. Iordaniýa U23 – 9 utuk (19:1)
2. Türkmenistan U23 – 6 utuk (8:2)
3. Butan U23 – 3 utuk (3:14)
4. Hytaý Taýpeýi U23 – 0 utuk (2:14)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo