Türkmenistanyň ýetginjek gyzlar ýygyndysy (U17) Aziýanyň Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşar

MilliInfo

11 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjek gyzlardan ybarat bolan ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Tailanda tarap ýola düşdi. Türkmen ýygyndysy «F» toparçada çykyş etmek bilen, Tailandyň hem-de Nepalyň ýygyndy toparlary bilen bäsleşer. Saýlama tapgyryň duşuşyklary 13 — 17-nji oktýabr aralygynda Çonburi şäherinde merkezleşdirilen görnüşinde guralar.

Saýlama ýaryşyň öňüsyrasynda Aşgabatda ýygyndy toparymyzyň baş tälimçi Boris Borowigiň we onuň kömekçileri Begenç Garaýewiň, Halida Eşniýazowanyň hem-de Mariýa Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk ýygnanyşygy geçirildi. Şunlukda, ýygyndymyzyň düzümine 19 futbolçy çagyryldy.

Aziýa Kubogy-2026-nyň final tapgyryna toparçalaryň 8-siniň ýeňijileri çykar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň hem-de Hytaýyň ýygyndy toparlary yklym ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar. Yklym ýaryşynyň final tapgyry ýygyndy toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçiriler.

Oýunlaryň geçiş tertibi:

  • 13-nji oktýabr. Türkmenistan – Tailand

  • 15-nji oktýabr. Nepal – Türkmenistan

  • 17-nji oktýabr. Tailand – Nepal

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo