10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Ýeri gelande bellesek, ýurdumyzyň şypahanalary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dynç almak üçin diýseň oňaýly şertleri özünde jemleýär.
Ýolbaşçylaryň zähmet rugsady awgust aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
