22—28-nji oktýabr aralygynda Bangladeşiň Daka şäherinde Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Kubogy geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Birinji duşuşygynda Nepalyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden ýygyndy toparymyz ikinji tapgyrda Şri-Lankanyň garşysyna çykdy. Ildeşlerimiz bu ýygyndyny hem 3:1 hasabynda ahmyrda goýmagyň hötdesinden geldiler. Türkmen ýygyndysy üçünji tapgyrda owganystanly woleýbolçylary 3:1 hasabynda ýeňdi.
Ýygyndy toparymyz finala uzaýan ýolda Maldiwleri (3:0) we Bangladeşi (3:2) hem ýeňmegi başardylar. Toparçada asla ýeňilmedik ildeşlerimiz 14 utuk topladylar we jemleýji duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Sportuň gyzykly görnüşiniň türkmen ussatlary aýgytlaýjy duşuşykda hem Owganystanyň ýygyndy toparynyň garşysyna çykdylar. Bu topary 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň «CAVA CUP-2025» ýaryşynyň ýeňijisi bolandygyny äşgär etdi.
Jemleýji duşuşykdan soň türkmen ýygyndysyna Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Kubogy gowşuryldy. Sylaglanyş dabarasynda woleýbolçylar şahsy görkezijileri boýunça hem atlandyrylyp, ildeşlerimiziň ikisi ugurlar boýunça ýaryşyň iň tapawutlanan oýunçylary hökmünde baýraklara eýe boldular.
Şunlukda, ikinji ýeri Owganystanyň, üçünji orny bolsa Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary eýelediler.




