Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Ekspozisiýa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Amerikan tarapynyň wekilleri Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk, dokma we gön önümlerine, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň saglygy goraýyş maksatly önümlerine ýokary baha berdiler. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ussatlyk bilen tanyşdyrdylar.

Soňra işewürlik maslahaty öz işine başlady. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart maslahaty açyp, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde geňeşiň möhüm ornuny belledi we bu platformany has işjeň ulanmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyşynda döwletimiziň hemmetaraplaýyn berýän goldawy netijesinde ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, amerikan kompaniýalary üçin türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda açylýan ägirt uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy. ABŞ-nyň ugurdaş edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, amerikan işewürleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belläp, olaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy ýurdumyzda hereket edýän bank-maliýe mehanizmleri hem-de gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary, «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin mümkinçilikleri, şol sanda sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, «ýaşyl» energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup durýandygy aýdyldy.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzak möhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Onuň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlar iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Ýangyç-energetika toplumy bilen baglylykda, taraplar degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy gün tertibine laýyk gelýän gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maýa goýumlar hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Mundan başga-da, taraplar ýokary tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, aragatnaşyk we sanly infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen pikir alyşmalar ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesini, taraplaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi.

Maslahatyň dowamynda türkmen işewürleriniň çykyşlaryna orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hususy pudak ýurdumyzyň daşary ykdysady başlangyçlaryna işjeň gatnaşýar, pudagyň wekilleri durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Amerikan kärdeşleri bilen pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen işewürleri ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlary hem-de maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şunda Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlerdir ýeňilliklere aýratyn üns çekildi.

Gurluşyk ugruna ýöriteleşen türkmen hususy kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyran iri infrastruktura taslamalary, önümçilik desgalaryny, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak boýunça mümkinçilikleri hem-de gazanan tejribeleri barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen tarapynyň enjamlaryň üpjünçiligi, «ýaşyl» gurluşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Gaýtadan işleýän senagat ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri-de üns merkezinde boldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ABŞ-ly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Umuman, Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty diňe bir pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özara ykdysady dialogy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy hem-de bilelikdäki birnäçe uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze gözýetimleri açyp, anyk ugurlary kesgitledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo