Italiýanyň ilçisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iş saparynda boldy

MilliInfo

2 sagat öň

Italiýanyň ilçisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iş saparynda boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wajyp halkara duşuşyklarynyň biri geçirildi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Bruk uniwersitete iş saparyny amala aşyryp, ýokary okuw mekdebiniň rektory we ýolbaşçy düzümi bilen netijeli duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekden, häzirki zaman bilim tejribelerini paýlaşmakdan we geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Esasan hem, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatik ugurlar we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda italýan ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni gatnaşyklar köpasyrlyk taryha hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar. Medeniýet we ylym ulgamy bolsa halklary has-da golaýlaşdyrýan iň ygtybarly köprüdir. Duşuşygyň çäginde taraplar ýokary okuw mekdebinde italýan medeniýetini, taryhyny we dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamak, okuw maksatnamalaryny baýlaşdyrmak barada hem pikir alyşdylar.

Duşuşyk diňe bir uniwersitet derejesinde däl, eýsem, umumylykda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna we bilim diplomatiýasynyň has-da dabaralanmagyna uly goşant bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info