Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Hytaýyň daşary ýurtlar boýunça ösüş assosiasiýasy (CODA) «Oguz Forum & Expo» haryt nyşany astynda çykyş edýän «Talwas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goldawy bilen «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny geçirer. Çäre 2026-njy ýylyň 28—30-njy apreli aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralar.
Forum iki döwletiň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Forumyň esasy ugurlarynyň biri-de nebit-himiýa, gurluşyk hem-de häzirki zaman önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm pudaklary öz içine alýan senagat hem önümçilik hyzmatdaşlygy bolar.
Çäräniň maksatnamasynda oba hojalyk ulgamynyň we azyk howpsuzlygynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Bu ugurda ösümlikleri ýetişdirmek ulgamynda peýdalanylýan innowasion usullar hem-de önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän sanly tehnologiýalar görkeziler. Forumyň aýratyn bir bölegi ulag we logistika integrasiýasy meselelerine bagyşlanar. Türkmenistan halkara ulag ugurlarynyň, şol sanda «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň möhüm halkasy hökmünde öz mümkinçiliklerini görkezmäge mümkinçilik alar. Şeýlelikde, gatnaşyjylar multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika infrastrukturasyny berkitmek hem-de sebitleriň arasyndaky baglanyşygy ýokarlandyrmak boýunça taslamalar bilen tanşyp bilerler.
Öňde boljak ähmiýetli çäre täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary tanyşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn ykdysady dialogy berkitmäge niýetlenen möhüm platforma öwrüler.
