15-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçtylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýen at bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem 1941—1945-nji ýyllarda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi.
«Dostlary ýygnaýarys» atly XIX halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde geçirilen aýdym-saz çykyşy «Dünýäniň aýdym-saz medeniýetleri» ylmy-döredijilik merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we «Dutaryň owazy» gaznasynyň goldawy bilen guraldy. Taslamanyň awtory — N.Halmamedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» festiwalynyň esaslandyryjysy we kompozitor M.Guseýnow.
Türkmenistanyň ussatlygy bilen dünýäniň dürli künjeklerinden diňleýjileri özüne çeken belli sungat işgärleri konsertde çykyş etmek üçin Russiýanyň paýtagtyna geldiler.
Konsertiň maksatnamasyna N.Halmamedowyň, Ç.Nurymowyň, W.Bogdanow-Berezowskiniň, A.Mosolowyň, M.Waýnbergiň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň wokal we instrumental eserleri, şeýle-de türkmen we rus halk sazlary girdi. Bilelikde ýerine ýetirilen owadan aýdymlar we kompozisiýalar parahatçylyga, dostluga, doganlyga hem-de agzybirlige bagyşlandy.

