9-njy sentýabrda Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady. Çärä Türkmenistan bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, kosmos senagatynyň, ylmy we maýa goýum toparlarynyň iki müňe golaý wekili gatnaşýar.
Çäräniň ilkinji gününde geçirilen panel ara alyp maslahatlaşmalarynda we ugurdaş mejlislerde kosmos infrastrukturasyny we senagatyny ösdürmek, kosmos tehnologiýalaryna elýeterliligi giňeltmek, emeli aňy we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem kosmosy öwrenmek, Ýere we ummanlara gözegçilik etmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň çäklerinde kosmos pudagyndaky döwrebap işläp taýýarlamalar we innowasion çözgütler bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy.
Halkara kosmos sammiti öz işini dowam etdirýär.
