Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.
Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. «Diplomatiýa, dialog, dürlülik» şygary astynda geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned;
Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými;
Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater;
Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde «Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek» atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi.
«Biz çagalarymyz üçin ýaşaýarys, geljekki nesilleriň abadan durmuşy üçin döredýäris we gurýarys. Halkymyz we döwletimiz çagalar üçin aýratyn alada edýär. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly: «Bal süýji, baldan bala süýji». «Çagalar biziň geljegimiz» diýlende, ýene bir nakyly göz öňünde tutýarys: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz». Halk döredijiliginiň bu ajaýyp pähimleri çagalar baradaky alada bilen ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmegiň özara baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, çagalar baradaky alada we olary terbiýelemegiň däpleri ata-babalarymyzyň gadymy we baý mirasynyň hem-de halkymyzyň medeni özboluşlylygynyň esasy bölegini düzýär» diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de ahlak taýdan terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümler, şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini dünýäde ilerletmäge ýardam berýär. Gaznanyň döredileninden bäri geçen dört ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara kömek we goldaw berildi, şeýle hem ýurdumyzdaky köp sanly howandarlyga mätäç çagalar gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi aldylar. Bu bolsa türkmen halkynyň taryhyň dowamynda kemala getiren we hemmeler üçin görelde bolup hyzmat edýän asylly däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändiginiň subutnamasydyr diýip, gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň ahyrynda belledi we Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde milli maksatnamalaryny halkara borçnamalaryna laýyklykda amala aşyrýandygyny aýtdy.
Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra mejlis sowal-jogap görnüşinde dowam etdi.
Alypbaryjy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentinden çagalar bilen baglanyşykly haýsy wezipäni Türkmenistan üçin strategik hasaplaýandygyny sorady.
— Çykyşymda beýan edilen ähli ugurlar Türkmenistan üçin strategik häsiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, eneligi, çagalygy goramagy we ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladany möhüm ugur hökmünde kesgitleýändigimizi bellemek isleýärin. Olara maksatnamalaýyn garaýyş Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary bilen gabat gelýär. Bu ileri tutulýan ugurlar diňe milli syýasatyň esasy ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň özboluşlylygymyzyň kemala gelmegi üçin hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biziň berk garaýyşlarymyzy nygtamak möhümdir, olaryň esasy mazmuny döwletiň maddy we intellektual serişdelerini ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki hem-de ruhy ösüşine goldaw bermek üçin ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksada ýetmek üçin Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara institutlar, şeýle hem dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we sebit derejesinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Men şeýle maksatnamalaýyn çäreler tagallalarymyzy birleşdirmäge, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem çagalaryň meselelerini çözmäge syýasy we diplomatik taýdan goldaw bermek, serişdeleri netijeli peýdalanmak üçin şertleri döredýär diýip hasaplaýaryn — diýip, Oguljahan Atabaýewa jogap berdi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň «Sidra» saglyk merkezine hem baryp gördi.
