«International Skills Forum Tajikistan – 2026»: Türkmen ýaşlarynyň halkara üstünligi

MilliInfo

31 Maý, 2026

27 — 30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden we orta hünär tehniki okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan milli wekiliýet Täjigistan Respublikasynyň Dangara etrabynda geçirilen professional ussatlygyň halkara forumyna hem-de «International Skills Forum Tajikistan – 2026» bäsleşigine gatnaşdy.

​Forum bütin dünýäde meşhur bolan professional ussatlyk bäsleşikleri ugrunyň, şol sanda «WorldSkills» çemeleşmeleriniň esasy ýörelgelerine laýyk gelýär. Şunuň ýaly bäsleşikler ýaşlara diňe bir öz ukyplaryny görkezmäge däl, eýsem, saýlap alan hünärini berkitmäge, halkara tejribe alyşmaga we geljekki ösüş ýoluny has ynamly kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

​Hünär bäsleşikleri Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan we Türkiýeden gelen ýaş hünärmenleri bir meýdançada jemledi. Olar elektrotehniki işler, suwagçylyk hünäri, elektrogazgurnaýjylyk, şeýle hem Gün energetikasy enjamlaryny gurnamak we sazlamak ýaly ugurlar boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

​Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Nepes Rahmanberdiýew ýokary ussatlyk derejesini görkezip, 2-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň diňleýjisi Ymamberdi Söhbetow bolsa ýaş hünärmenleriň ilkinji dörtlügine girmegi başardy.

​Forumyň gidişinde häzirki zaman hünär-tehniki bilim maksatnamalary, bäsleşige ukyply zähmet bazary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, okuw-önümçilik işlerini kämilleşdirmek, professional ukyplary bahalandyrmagyň halkara tejribesi, şeýle hem iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda ýaşlary hünäre taýýarlamagy ösdürmekde aýratyn üns energetika, gurluşyk, önümçilik, hyzmatlar ulgamy, ulag we logistika, döredijilik hem-de dizaýn ýaly pudaklara gönükdirildi.

​Çäräniň maksatnamasynyň möhüm bölekleriniň biri hem gatnaşyjylaryň Nurek gidroelektrostansiýasyna guralan gezelenji boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info