Türkmen wekiliýeti BMG-niň durnukly ösüş boýunça ählumumy forumyna gatnaşýar

MilliInfo
Türkmen wekiliýeti BMG-niň durnukly ösüş boýunça ählumumy forumyna gatnaşýar

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forum öz işine başlady. Forumyň işi 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyna çenli dowam eder. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girýär.

Şu ýylky ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklary innowasiýalary ornaşdyrmak, ekologik taýdan arassa energiýa geçmek, şäher infrastrukturasyny ösdürmek we Abu-Dabide geçiriljek ählumumy suw sammitiniň öňüsyrasynda suw serişdeleriniň ýetmezçiligine garşy göreşmek boldy. BMG-niň ýolbaşçylary we halkara bilermenler ösüp barýan ýurtlara adalatly goldaw bermek üçin dünýä maliýe ulgamyny özgertmegiň zerurdygyny hem nygtadylar.

Forumyň işi Türkmenistan üçin uly amaly ähmiýete eýedir. Toplanan tejribe we dünýäniň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek türkmen hünärmenlerine 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurduň üçünji Meýletin milli synynyň goragyna ulgamlaýyn taýýarlanmaga kömek eder.

Nýu-Ýorkda 2026-njy ýylyň Ýokary derejeli syýasy forumynyň çäginde geçirilen ugurdaş çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň Filantropiýa institutynyň Baş sekretary Braýan San bilen duşuşygy boldy. Forumyň mowzuklaýyn mejlisi haýyr-sahawat guramalarynyň we köptaraply düzümleriň hyzmatdaşlygy arkaly inklýuziw gülläp ösüşe ýardam bermäge bagyşlandy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar BMG-niň meýdançasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Gonkongda ýerleşýän Filantropiýa instituty bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info