Türkmen wekiliýeti parnik gazlaryny tükellemegiň çygrynda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça treninge gatnaşýar

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

6-njy oktýabrda Bişkek şäherinde ýerden peýdalanmak, ony ulanmagyň üýtgemegi we tokaý hojalygy pudagynda syýasatyň täsirini bahalandyrmak hem-de parnik gazlaryny tükellemek boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksady bilen, sebit derejesindäki amaly trening başlandy.

Treningiň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli bilermenleriniň parnik gazlarynyň kadastrlaryny taýýarlamakdan hem-de ýerden peýdalanmak, ony ulanmagyň üýtgemegi we tokaý hojalygy pudagynda syýasaty bahalandyrmak ukyplaryny güýçlendirmekden ybaratdyr. Bäş gün dowam edýän treningde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri ýerden peýdalanmagy monitoring etmek, tokaý we oba hojalyk ýerlerinde uglerodyň zyňyndylaryny hem-de siňdirilmegini (sekwestrasiýasyny) hasaplamak işlerini, şeýle hem degişli pudakda parnik gazlarynyň zyňyndylaryna we howanyň üýtgemegine ýetirilýän täsiri san taýdan bahalandyrmak boýunça amaly gurallary öwrenýärler.

Okuw programmasy nazaryýet sapaklaryny, amaly tabşyryklary hem-de milli çykyşlary öz içine alýar. Milli çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň zyňyndylary hasaba almakdaky tejribesi, ýeňilleşdiriji çäreleri we milli derejede kesgitlenen goşantlaryň durmuşa geçirilişi hakyndaky maglumatlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo