2—5-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde türkmen wekiliýeti «Ýerden peýdalanmak, ýerden peýdalanmagyň üýtgemegi we tokaý hojalygy (ÝPÝPÜTH) pudagynda parnik gazlarynyň inwentarizasiýasyny işläp düzmek we syýasaty bahalandyrmak ulgamynda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak» diýen tema boýunça sebitleýin amaly okuw maslahatyna gatnaşýar.
Okuw maslahatynyň esasy maksady degişli pudakda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny we siňdirilmegini bahalandyrmak, şeýle hem howa syýasatynyň täsirine baha bermek babatda gatnaşyjylaryň amaly bilimlerini we endiklerini ösdürmekden ybaratdyr. Şunda maglumatlary taýýarlamak we ulanmak, ýerden peýdalanmagy hem-de onuň üýtgemegini yzarlamak, şeýle hem howa boýunça görülýän çäreleri bahalandyrmagyň gurallaryny ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Ähmiýetli okuw maslahaty parnik gazlarynyň inwentarizasiýasynyň hilini ýokarlandyrmaga we ÝPÝPÜTH pudagynda syýasaty bahalandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen ReCATH modullarynyň çäginde mümkinçilikleri artdyrmak boýunça çäreleri özünde jemleýär.
«Sebitleýin treningleriň çäginde tejribe alyşmak we bilelikdäki amaly işler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa boýunça hasabatlylyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam berýär» diýip, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow belledi.
Treninge gatnaşyjylar dört günüň dowamynda sebit ýurtlarynyň milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, ÝPÝPÜTH pudagynda parnik gazlarynyň inwentarizasiýasyny geçirmegiň usullaryna we çemeleşmelerine, howa syýasatynyň täsirini bahalandyrmak meselelerine serederler, şeýle hem inwentarizasiýany taýýarlamakda gazanylan tehniki üstünlikler we ýüze çykýan kynçylyklar boýunça tejribe alşarlar.