Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekillerinden we ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasynyň işgärlerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti döredijilik industriýasy pudagynda brendleri ösdürmek boýunça halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy.
Parižde geçirilen bu çäre marketingiň häzirki zaman çemeleşmelerini özleşdirmäge we halkara bazarynda milli taslamalary mahabatlandyrmaga gönükdirildi.
Birnäçe günüň dowamynda gatnaşyjylar ugurdaş ussatlyk sapaklaryna we amaly maşklara gatnaşdylar. Maksatnama täsirli brending usullaryny, medeni mazmuny öňe sürmegiň strategiýalaryny işläp düzmegi we döredijilikli başlangyçlaryň gerimini giňeltmegi öz içine alýan giň gerimli mowzuklary gurşap aldy.
Daşary ýurtly hünärmenler bilen geçirilen duşuşyklar türkmen hünärmenlerine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmaga we beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen hünär tejribesini alyşmaga mümkinçilik berdi.
Okuwyň netijeleri boýunça gatnaşyjylara hünär kämilleşdiriş şahadatnamalary gowşuryldy. Bilim okuwyny guraýjylar alnan başarnyklaryň hünärmenleriň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we Türkmenistanyň medeni mirasyny dünýä meýdançasynda netijeli wagyz etmek üçin möhüm gural boljakdygyny bellediler.
