10—13-nji fewralda Astana şäherinde geçirilen halkara robot ýaryşynda (FTC) Türkmenistanyň «Oguzrobot» topary uly üstünlik gazandy.
Ýaryşa dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Gongkong, Estoniýa we Wýetnam ýaly ýurtlardan 80-e golaý topar gatnaşdy. Ýaşlarymyz ilkinji tapgyrlarda garşydaşlaryny yzda galdyryp, saýlama tapgyra çykdylar we iň çylşyrymly oýunlaryň 2-sinde ýeňiş gazandylar.
Şunlukda, robotyň dizaýny we kämil programmalanandygy üçin «Oguzrobot» toparyna Hytaýda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmak hukugy (ýollanma) berildi.
Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 97-nji we 86-njy orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen bu toparyň agzalary «Kämil bilim» merkezinde tälim alýarlar. Geçen ýylky «Halkara üstünlik» baýragyndan soň, şu ýyl Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmak üçin gazanylan ýollanma ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara derejesine çykarylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.