«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti we Eswatini Patyşalygy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

MilliInfo

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 28–29-njy maýda Abu-Dabi şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III we Patyşalygyň hökümet agzalary bilen ýokary derejeli gepleşikleriň tapgyryny geçirdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça täze nesliň şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryny, şeýle-de tehnologik we düzümleýin maksatly önümleri üpjün etmek boýunça giň gerimli bilelikdäki taslama başlamak barada düýpli ylalaşyklar gazanyldy.

«Aýdyň Gijeler» we Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi yzygiderli we ynamly häsiýete eýedir.

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşdy. Patyşalygyň hökümet baştutany önümçiligiň tehnologik derejesine, gerimine we köp ugurlylygyna ýokary baha berip, öndürilýän önümleriň hil babatda döwrebap halkara standartlaryna laýyk gelýändigini belledi.

2026-njy ýylyň ýanwarynda Eswatini Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň çakylygy boýunça «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýeti Mbabane şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Patyşalygyň içerki bazarynyň islegleri jikme-jik öwrenildi we mümkin bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Eýýäm şol tapgyrda Eswatini tarapy Patyşalygyň raýatlary üçin milli identifikasiýa kartlaryny (ID) we biometrik pasportlaryny guramaklyga resmi taýdan gyzyklanma bildirdi.

2026-njy ýylyň aprel aýynda kompaniýanyň wekiliýetiniň Eswatinä ikinji iş sapary guraldy. Türkmen tarapy Patyşalygyň ygtyýarly edaralaryna tehniki synaglary geçirmek üçin öz önümçiligine degişli bolan önüm nusgalaryny, şol sanda SIM-kartlary, LED yşyklandyryş enjamlaryny, swetoforlary, ýol goraýjy germewlerini, planşet kompýuterlerini, noutbuklary, şeýle-de milli identifikasiýa kartlarynyň (ID) tejribe nusgalaryny gowşurdy.

Şol saparyň çäklerinde türkmen tarapy IKAO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň goralan resminamalar ulgamyndaky talaplaryna jogap berýän, «Austrian Cards» (Awstriýa) kompaniýasynyň öndürýän ýewropa mikroprosessor çipleri esasynda milli identifikasiýa kartlaryny we biometrik pasportlary öndürmek hem-de üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamany işe girizmek baradaky teklibini hödürledi.

Toplumlaýyn synaglaryň netijeleri boýunça görkezilen önümleriň ählisi Eswatini Patyşalygynyň ygtyýarly gurluşlarynyň oňyn netijenamalaryna mynasyp boldy we bu ýagdaý Abu-Dabi şäherinde ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegine şert döretdi.

28-nji maýda Abu-Dabi şäherinde Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň baş direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Eswatini tarapyndan duşuşyga Patyşalygyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Onuň Alyhezyreti Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1 500 000 sany milli identifikasiýa kartlaryny we 500 000-den gowrak biometrik pasportlary taýýarlamagy hem-de üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegine hemme taraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyny bildirdi. Bu resminamalar döwrebap kriptografik we biometrik tehnologiýalary ulanmak arkaly «Austrian Cards» kompaniýasynyň ýokary derejede goralan çip platformasynyň esasynda taýýarlanar.

Gazanylan ylalaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, sanly identifikasiýa, resminama dolanyşygy, telekommunikasiýalar, yşyklandyryş tehnikasy, ýol düzümi we maglumat tehnologiýalary ulgamynda Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky uzak möhletleýin institusional hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýar.

Iş saparynyň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýeti Eswatini Patyşalygynyň daşary işler ministri, içeri işler ministri hem-de söwda we senagat ministri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, tehniki häsiýetnamalary ylalaşmagyň, önümleri eltip bermäge degişli meýilnamanyň, şeýle-de Eswatini Patyşalygynyň milli kanunçylygyna we taraplaryň halkara borçnamalaryna laýyklykda, degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kemala getirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda Onuň Alyhezyreti Patyşa Mswati III Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde Azerbaýjanyň telekeçiler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu ýagdaý Eswatini Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň dürli döwletleriň hususy pudagy bilen göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we Patyşalygyň bazaryna öňdebaryjy tehnologik çözgütleri çekmäge gönükdirilen yzygiderli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu nukdaýnazardan, «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji kärhanasydygyny buýsanç bilen belleýär we munuň özi türkmen-eswatini söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

28–29-njy maýda Abu-Dabi şäherine guralan iş saparynyň netijeleri Türkmenistanyň hususy pudagynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Eswatininiň Patyşasynyň tabşyrygy boýunça «Aýdyň Gijeler» kompaniýasyna Patyşalygyň çäginde önümçilik kuwwatlyklaryny guramak üçin 4 gektar ýer bölegi bölünip berler. Bu bolsa iki ýurduň hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä göterer.

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bildirilen ynam we goldaw üçin Eswatininiň Patyşasyna we Patyşalygyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Türkmen önümleriniň, milli brendleriň dünýä çykmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info