Küşt boýunça türkmen ýygyndysy Kokşetau şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi

MilliInfo

1 Iýun, 2026

Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 18-nji maý — 2-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Kokşetau şäherindäki Küşt öýüniň binasynda guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy.

Ýaryşyň esasy maksady türgenlerimizi 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlamakdan, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Şunda Küşt öýüniň binasynda okuw-türgenleşik işleriniň netijeli alnyp barylmagy, türgenleriň özara pikir alyşmagy we wagtynda dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredildi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýewiň belleýşi ýaly, ýygnanyşyklar örän işjeň häsiýetde geçip, türgenleşikler günde 6-7 sagada çenli dowam etdi.

«Türgenler üçin bu ýygnanyşyk örän gyzykly geçdi. Aleksandr Andreýewiç Rahmanow dogry pikirlenmegi, şeýle hem «pozision küşt» diýlip atlandyrylýan usullary öwredýär. Tälimçi toparlaýyn oýna we oňa psihologik taýdan taýýarlanmaga aýratyn üns berýär, bu bolsa häzirki wagtda örän möhümdir. Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Samarkantda küşt olimpiadasy geçiriler, bu ýaryşyň öňüsyrasynda şeýle taýýarlyk biziň ýygyndy toparymyz üçin örän bähbitlidir» diýip, M. Kakabaýew aýtdy.

Ýygyndy toparymyzy olimpiada taýýarlamak maksady bilen hem-de Gazagystanyň federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen ýygyndysy Aşgabada dolananyndan soň hem Aleksandr Rahmanow bilen goşmaça onlaýn-sapaklaryny geçmegi meýilleşdirilýär.

Gazagystana saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 3–11-nji iýun aralygynda Aktobe şäherinde geçiriljek «Wladimir Dworkowiçiň hatyrasyna bagyşlanan — Aktobe Open 2024» halkara küşt ýaryşyna hem gatnaşar. Ýaryşyň çäklerinde «Masters» we «Open» görnüşli bäsleşikler geçirilip, olarda 21 döwletden bolan küştçüler, şol sanda 23 sany grossmeýster güýç synaşar. Ýaryşyň baýrak gaznasy 100 müň ABŞ dollaryna deňdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info