Türkmen küştçüsi Lala Şohradowa 20 ýaşyna çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda çalt küşt (rapid) boýunça ýeňiji boldy. Yklym birinjiligi 16 — 26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde ýerleşýän «ITC Maratha» myhmanhanasynyň meýdançasynda geçirilýär.
Ýaryşlar Ählihindi küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýa küştt federasiýasynyň (ACF) we Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda Maharastra ştatynyň Küşt assosiasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionatda üç ugur — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça jemi 10 ýurtdan bolan türgenleriň157-si ýeňiş ugrunda göreşýär.
Gyzlaryň arasyndaky rapid ýaryşyna Hindistandan, Gazagystandan, Maldiw adalaryndan, Nepaldan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan we Özbegistandan 60 küştçi gatnaşdy. Türkmen sportunyň abraýyny dört türgen: Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Leýla Şöhradowa we Lala Şöhradowa gorady.
Ýedi tapgyryň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa (reýtingi 2181) mümkin bolan 7 utukdan 6-syny toplady. Hindistanly küştçi Pratiti Bordoloý hem şonça utuk gazandy, emma goşmaça görkezijiler türkmen türgeniniň peýdasyna bolup, altyn medalyň eýesini kesgitledi.
Baýraklary ýeňijilere Maharastra ştatynyň Küşt assosiasiýasynyň prezidenti dr.Parineý Fuke gowşurdy.
Altyn medala barýan ýol ýeňil bolmady. Üçünji tapgyrda Lala ildeşimiz zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady (WFM) Jahan Rejepowadan utuldy, emma ol hakyky durnuklylyk görkezip, galan ähli oýunlaryny ýeňiş bilen tamamlady.
Aýratyn hem altynjy we ýedinji tapgyrlaryň duşuşyklary örän dartgynly geçdi. Türkmen küştçüsi çylşyrymly ýagdaýlara düşse-de, sowukganlylyk, tutanýerlilik we takyk hasaplama arkaly oýunlaryň gidişini öz peýdasyna öwürdi — bu bolsa oňa çempionlyk derejesini getirdi.
Rapidde gazanylan altyn medal Lala Şohradowa üçin bu birinjilikdäki ikinji baýrakdyr. 17-nji awgustda — ýaryşyň ilkinji gününde ol blis bäsleşiginiň kümüş medalyny eýeläpdi.
Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşyň başyna örän ynamly geçirdi: rapidiň ilkinji dört tapgyryndan soň, Jahan Rejepowa hiç bir utuk hem ýitirmän, alty öňdebaryjynyň hataryna girdi.
20-nji awgustda Mumbaýda yklym birinjiliginiň esasy bäsleşigi bolan nusgawy küşt boýunça çempionat başlandy. Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirilip, 26-njy awgustda tamamlanar. Hut nusgawy küştde göni FIDE atlary ugrunda göreşilýär: ýeňiji zenanlaryň arasynda halkara ussat adyny we zenan grossmeýster derejesiniň birinji ballyny alýar.
20 ýaşa çenli küştçüleriň arasyndaky Aziýa çempionaty yklymyň iň abraýly ýaşlar ýaryşlarynyň biridir. Guramaçylaryň berýän maglumatyna görä, dürli ýyllarda Wişwanatan Anand, Abhijit Kunte ýaly meşhur ussatlar, gyzlaryň arasynda bolsa Koneru Hampi we Tanýa Saçdew ýaly güýçli küştçüler bu ýaryşyň ýeňijileri bolupdylar.
