Türkmenistanly okuwçy Bütindünýä döredijilik festiwalynda Baş baýrak bilen sylaglandy!

MilliInfo

24 Sentýabr, 2025

Moskwada Bütindünýä Jemgyýetçilik Assambleýasynyň çäklerinde «Dünýä Çagalary: Dostlaşmagyň wagty» atly döredijilik festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň Türkmenabat şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aziza Bäşimowa bu bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Festiwal 5-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň gatnaşmagynda geçip, dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan zehinli çagalary jemledi.

Bäsleşige dürli usullar bilen ýerine ýetirilen işler — peýzaž, portretler, taryhy wakalaryň suratlandyrmasy, Watanymyzyň tebigy keşpleri, maşgala durmuşyny beýan edýän suratlar hem-de dabaraly çäreleriň şekillendirilmegi bilen baglanyşykly eserler kabul edildi.
Çekilen suratlar «Meniň dünýäm», «Söhbetdeşligiň şatlygy», «Agzybir maşgala» we «Geljekki arzuwlar» atly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Türkmenistan üçin bu üstünlik aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi şu ýyl ýurdumyz BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýär. Şeýle-hem, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

Bu festiwal çagalaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we birek-birege düşünişmegiň wajypdygyny görkezmäge gönükdirilen hem-de dünýäniň geljegini gurýan ýaş nesilleriň arasynda ösüşiň, hyzmatdaşlygyň ýoluny açýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo