Türkmen tennisçisi ATF-iň Özbegistanda geçen ýaryşynda altyn medal gazandy

MilliInfo

20 Aprel, 2026

«Jahan» döredijilik merkeziniň türgeni Sülgün Işangulyýewa 11–17-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky halkara ýaryşynda Türkmenistana üstünlikli wekilçilik etdi.

Sportçy iň ýokary netijäni jübütleýin görnüşde gazandy. Gazagystanyň wekili Alima Hamitowa bilen bilelikde çykyş eden türkmen tennisçisi dartgynly göreşde ýaryşyň altyn medalyna eýe boldy. Sülgün ýekeleýin bäsleşikde hem durnukly oýun görkezip, ýarym final tapgyryna çenli ýetdi.

Çykyşlaryň netijesine görä, baýrakly orunlara mynasyp bolan sportçylar Aziýa tennis federasiýasynyň reýting utuklaryna eýe boldular. Bu bolsa Türkmenistanyň sebitiň ýaşlar reýtingindäki ornuny pugtalandyrýar.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Sportçy gazanan üstünliginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň we tälimçi Amir Bäşimowyň uly goşandyny aýratyn belläp geçdi. Bu Sülgüniň 2026-njy ýylda gazanan ilkinji halkara üstünligi däldir. Munuň özi onuň ýurduň iň bir geljegi uly ýaş tennisçileriniň biri hökmünde ornuny tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info