Türkmenistandaky Fransuz instituty «Art Nokady» we «artfool.ca» taslamamalarynyň goldawy bilen 33 sany abstrakt eseri öz içine alýan «AT33T» (Turkmen Abstractions in 33 Paintings) atly sergini hödürleýär.
Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda açylan bu sergide häzirki zaman suratkeşleri — Dilaram Hojaýinowa, Witaliý Didenko, Nazar Bekmyradow we Mämmet Ýurmämmedow dagynyň eserleri görkezilýär. Olaryň her biri abstraksiýa temasyna özboluşly çemeleşýär: inçe geometriýa, oýunly şekil üýtgetmeleri (deformasiýa), goýy reňkler ýa-da inçelik bilen hasaplanan tötänlik arkaly.
Olaryň işleri türkmen modernizminiň ykrar edilen ussatlarynyň — Tokar Tugurowyň, Çary Amangeldiýewiň we Juma Amandurdynyň eserleri bilen bir ýerde ýerleşdirilipdir.
Sergi dürli pursatlarda hem-de dürli sebäplere görä öz sungatyny adaty şekillendiriş galyplaryndan çykaryp, abstraksiýa ýüzlenen suratkeşleriň başyny jemleýär. Olaryň eserleri biri-birinden tapawutlanýandygyna garamazdan, ussatlar bilen şu günki suratkeşleriň, Türkmenistan bilen Fransiýanyň, şeýle hem görünýän hakykat bilen hyýaly dünýäniň arasyndaky janly dialogy emele getirýär.
Sergi şu gün — 9-njy dekabrda myhmanlar üçin elýeterli ediler we 2026-njy ýylyň martyna çenli her gün 9:00—20:00 aralygynda açyk bolar.
Giriz tölegsiz.
