«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan we Jidda şäherlerine gatnawlary artdyrýar

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda hödürlenen täze tertipnamada 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan Kazan (Russiýa) hem-de Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine guraljak uçuşlarynyň artdyryljakdygy öz beýanyny tapýar.

Şunlukda, Kazana guraljak gatnawlar ozal hepdede iki gezekde amala aşyrylýan bolsa, bellenen seneden soň 4 sapar ýerine ýetiriler. Ýolagçylar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna sişenbe, çarşenbe, şenbe hem-de ýekşenbe günleri ugrap bilerler. Bu üýtgeşmeler işewürler toparynda bolşy ýaly, syýahatçylar tarapyndan hem yzygiderli artýan islegi kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mundan başga-da, Jidda şäherine gatnawlaryň sany köpeldiler. Ozal bu ugra uçuşlar hepdede iki gezek guralan bolsa, görkezilen seneden başlap üç gezek — sişenbe, çarşenbe hem-de anna günleri alnyp barlar. Täze üýtgeşmeler, aýratyn hem, Saud Arabystany patyşalygyna gidýän zyýaratçylar üçin uly amatlyklary döreder.

Gatnawlaryň artdyrylmagy uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmek hem-de ýolagçylar üçin hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça strategiýanyň möhüm bölegidir.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo