Şu ýylyň 29-njy ýanwary – 1-nji fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde erkin göreş boýunça iki gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we SSSR-iň at gazanan sport ussady Iwan Ýaryginiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan 37-nji halkara ýaryşy geçiriler. Bu abraýly bäsleşikde Türkmenistana 6 türgen wekilçilik eder.
Türkmen pälwanlarynyň hatarynda 20 ýaşa çenli (U20) türgenleriň arasynda dünýä çempiony Alp Arslan Begenjow hem bar. Ýaryşyň derejesi diňe bir gatnaşyjylaryň sany bilen däl, eýsem, olaryň ussatlygy bilen hem kesgitlenýär.
Halkara ýaryşa Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýäniň 20 döwletinden türgenler gatnaşarlar. Şolaryň hatarynda Belarus, Bolgariýa, Hindistan, Hytaý, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kuba, Mongoliýa, Rumyniýa, Täjigistan, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Gruziýa, Azerbaýjan, Müsür, Demirgazyk Makedoniýa, KHDR, Braziliýa we ýer eýesi bolan Russiýa Federasiýasy bar.
Iwan Ýaryginiň Kubogy ähmiýeti boýunça Russiýada ýurduň çempionatyndan soňky, ikinji orunda durýan iň uly ýaryşlaryň biri hasaplanýar.
Dört günüň dowamynda dowam etjek gyzgalaňly tutluşyklaryň netijeleri 1-nji fewralda jemlener. Ýaryşyň soňky gününde ýeňijileri sylaglamak we bäsleşigiň resmi ýapylyş dabarasy geçiriler.