Erkin göreş bilen meşgullanýan türkmen türgenleri Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «RWL-VI Riada Wrestling Liga» halkara ýaryşynda dürli derejeli medallaryň bäşisine mynasyp boldular.
Toparymyzyň düzüminde iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi. 125 kilograma çenli agram derejesinde (super agyr agram) çykyş eden ildeşimiz ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy we ýaryşyň altyn medalyny gazandy.
Kümüş medala 65 kg çenli agram derejesinde tutluşan Azatberdi Asyrgulyýew mynasyp boldy. Bürünç medallary bolsa Azymberdi Asyrgulyýew (57 kg çenli), Daghan Guwançmyradow (61 kg çenli) we Batyr Begenjow (74 kg çenli) dagy gazandy.