Tarazda geçiriljek «Aspara Fashion Week» halkara platformasynda türkmen dizaýnerleriniň «Jan» atly kolleksiýasy tanyşdyrylar

MilliInfo

7 sagat öň

22–25-nji aprel aralygynda Gazagystanyň Taraz şäherinde dünýäniň 35-den gowrak ýurdundan dizaýnerleri birleşdirýän iri meýdançalaryň biri bolan «Aspara Fashion Week» halkara moda taslamasynyň 17-nji möwsümi geçiriler. Bu çäre däp bolşy ýaly, Ýewropa we Aziýa modasynyň arasyndaky özboluşly köpri bolup hyzmat edýär hem-de etno-medeni gymmatlyklara, milli lybaslara hem-de däpleriň döwrebap talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns berýär.

Möwsümiň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakalarynyň biri hem oňa Türkmenistandan bolan dizaýnerleriň gatnaşmagydyr. Bu ýerde Aýjemal Rejepowanyň we Nazili Guseýnowanyň döredijilik bileleşigi (kollaborasiýasy) bilelikdäki täze kolleksiýasyny tanyşdyrar.

«Jan» kolleksiýasynyň filosofiýasy: kalbyň joşguny her bir keşdede

Kolleksiýa ynsanyň içki güýji we medeni kökler bilen baglanyşygy hakyndaky çeper beýana öwrüldi. Awtorlar lybaskary däpleriň energiýasyny we dizaýneriň özboluşly golýazmasyny ýetirip bilýän «janly madda» hökmünde görkezýärler. Bu diňe köpçülikleýin moda däl-de, eýsem, her bir önümiň özünde özboluşly medeni syrr we duýgy mazmunyny götermegi bilen bagly sungat eseridir.

Kolleksiýanyň esasynda türkmen milli nagyşlary bilen döwrebap estetikanyň sazlaşygy bar. Onda el işleri, etnik nagyşlar we dünýä modasynyň häzirki zaman meýillerine uýgunlaşdyrylan gadymy tehnikalar ulanylýar. Minimalizme, çyzyklaryň durylygyna we «lybas — şahsyýetiň dowamy» diýen konsepsiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde lybas adamyň şahsyýetiniň öňüne geçmän, eýsem, onuň özboluşlylygyny aýdyňlaşdyrýar.

Türkmen dizaýnerleriniň «Aspara Fashion Week» taslamasyna gatnaşmagy milli moda mekdebini halkara giňişliginde öňe sürmekde möhüm ädim bolar. Taslama dünýäniň dürli künjeklerinden dizaýnerleri, baýerleri (satuw hünärmenlerini) we öndürijileri birleşdirip, diňe bir medeni alyş-çalşyga däl, eýsem, etno-modanyň söwda dolanyşygyna girmegine hem ýardam edýär.

Ýene bir bellemeli zat, «Aspara Fashion Week» moda hepdeliginiň Türkmenistandaky resmi ilçisi (ambassadory) hökmünde dizaýner Şeker Akynyýazowa çykyş edýär. Ol türkmen dizaýnerlerine öz eşik kolleksiýalaryny sebit derejesinde tanatmakda hem-de öňe sürmekde ýakyndan ýardam berýär.

Nazili Guseýnowanyň we Aýjemal Rejepowanyň hyzmatdaşlygynyň öz taryhy bar: dizaýnerler 2021-nji ýylda «HME 2021» taslamasynyň çäklerinde tanyşdylar we şondan bäri birnäçe bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrdylar. Olaryň döredijilik gorynda «Kids Expo 2025» sergisine, Özbegistandaky halkara moda görkezilişine gatnaşmak, şeýle hem milli ugruň ussatlarynyň gatnaşmagynda «Artbazar» sungat meýdançasynda guralan üç sany bilelikdäki iş bar.

«Aspara Fashion Week» taslamasynyň täze möwsüminde «Jan» kolleksiýasy 2026/27-nji ýyllaryň «güýz-gyş» möwsüminiň görkezilişi görnüşinde hödürlener. Şeýle-de çäräni onlaýn tertipde ýaýlyma bermek meýilleşdirilip, şunuň esasynda hem, bütin dünýäden tomaşaçylar türkmen dizaýnerleriniň işlerini görüp we olara goldaw berip bilerler.

Dünýäniň dürli künjeginden 80 talybyň gatnaşmagyndaky aýratyn bäsleşik maksatnamasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Seýrangeldi Berdiýew hem ussatlygyny görkezer. Ýaş dizaýner klassiki «Dior» stiliniň täzeçe okalyşyny hödürläp, ony türkmen medeniýetiniň özboluşly we täsirli elementleri bilen baýlaşdyrar.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, taslama milli mirasy wagyz etmäge we döwrebap etniki dizaýny ösdürmäge gönükdirilendir, Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagy bolsa halkara moda platformasynyň medeni dürlüligini has-da artdyrar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info