Türkmen dzýudoçylary Lozannada geçiriljek «Uly tuwalga» ýaryşynda tutluşarlar

MilliInfo

25 Awgust, 2026

Türkmen dzýudoçylary Lozannada geçiriljek «Uly tuwalga» ýaryşynda tutluşarlar

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary 28–30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek abraýly «Uly tuwalga» (Grand Slam) ýaryşyna gatnaşar. Toparyň düzümine on türgen — sekiz oglan we iki gyz girýär.

57 kg çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa medallar ugrunda göreşer. Türgen iýul aýynda Ulan-Batorda geçirilen ýaryşda Koreýa Respublikasynyň we Ysraýylyň güýçli türgenlerini ýeňip, bürünç medal eýeläpdi.

Erkekleriň ýygyndy toparymyza bolsa 60 kilograma çenli agram derejesinde Ural Bagtyýarow we Ygtyýar Gurbanberdiýew, 66 kilograma çenli agramda Serdar Rahymow, 73 kilograma çenli derejede Meýlis Şamyradow hem-de Allamyrat Annagurbanow, 81 kilogramda Agajan Aýhanow we Batyr Merdanow, şeýle-de 100 kilograma çenli agramda Baýmyrat Majanow dagy wekilçilik ederler.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda Maýsa Pardaýewa bilen bir hatarda, ýene-de bir 57 kilogram agram derejesindäki türgenimiz Medine Oraznyýazowa çykyş eder. «Uly tuwalga» tapgyrynyň ýaryşyna gatnaşmak türkmen türgenleri üçin möwsümiň esasy halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info