Türkmenistanyň gylyçlaşmak boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri Almatyda geçirilen halkara ýaryşda üç altyn medal gazandylar

MilliInfo

6 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň gylyçlaşmak sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «Platinum Cup» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, üç altyn medal bilen Watanymyza dolandylar.

Bu halkara ýaryşa Gazagystanda, Russiýa Federasiýasyndan, Gruziýadan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Täjigistanda we Gyrgyzystandan türgenler gatnaşdylar.

Türkmen ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden Alekseý Woronin we Sanjar Ýolamanow ähli garşydaşlaryny ýeňip, ýaryşy ýeňlişsiz tamamladylar we altyn medallary gazandylar.

Ýene bir altyn medala bolsa milli ýygyndymyzyň tälimçisi Wýaçeslaw Woronin eýe boldy. Ol bu üstünligi 40+ ýaş derejesindäki toparda gazandy.

Ýaryşyň aýratynlygy oňa diňe bir professional türgenleriň däl, eýsem, weteranlaryň we höwesjeňleriň hem gatnaşmagydyr. Ýaryşa gatnaşan iň ýaş türgeniň ýaşy 8, iň uly gatnaşyjynyň ýaşy bolsa 80 boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo