Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy Resul Orazberdiýew Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýar. Halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu çäre meşhur «Frankofoniýa» merkezi tarapyndan guramaçylykly geçirilýär. Bu barada Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
Okuw maksatnamasyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili mugallymlary hem gatnaşýarlar. Okuwlaryň çäklerinde türkmen hünärmenleri fransuz dilini okatmagyň häzirki zaman innowasion usullary hem-de lingwistik metodikalar bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Bu halkara hünär kämilleşdiriş okuwlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini has-da gowulandyrmaga we fransuz dili mugallymlarynyň tejribesini baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Sapaklar tamamlanandan soňra gatnaşyjylara degişli halkara şahadatnamalar gowşurylar.
