Aktaudan 21 medal: Türkmen karateçileri Merkezi Aziýa çempionatynda uly üstünlige eýe boldular

MilliInfo
Aktaudan 21 medal: Türkmen karateçileri Merkezi Aziýa çempionatynda uly üstünlige eýe boldular

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karate WKF boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň dürli derejeli medallarynyň 21-sine mynasyp boldular.

Ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 421 karateçi gatnaşdy. Türgenler kadetleriň, ýetginjekleriň we uly ýaşlyaryň arasynda kata (gönükmeleri ýerine ýetirmek) we kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşidiler.

Üç gün dowam eden ýaryşyň netijeleri boýunça watandaşlarymyz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medallary getirmegiň hötdesinden geldiler.

Ozal habar berlişi ýaly, tälimçiler Aýdyň Çaryýewiň, Esenbaý Ýazmedowyň, Maksat Atdaýewiň we Serdar Muhammetnazarowyň şägirtleri ýaryşyň birinji gününde kata boýunça 4 medal (1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç), ikinji gününde bolsa kumite ugrundan 9 medal (2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç) eýelediler.

Çempionatyň jemleýji gününde türkmen karateçileri 1 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazanyp, toparyň baýraklar toplumynyň üstüni ýene-de 8 medal bilen ýetirdiler.

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Aşgabatdaky 61-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew çykdy, ol 14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda 63 kg çenli agram derejesinde birinji boldy.

Şol bir ýaş we agram derejesinde Aşgabatdaky 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Remezan Gurbanow kümüş medala mynasyp boldy. Ýaşy boýunça has uly tapgyrda — 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda aşakda görkezilen türgenler üstünlik gazandylar: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew (55 kg çenli) we Aşgabatdaky 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Diana Gorinowa (66 kg çenli).

14-15 ýaşlyaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Remezan Orazmämmedow (57 kg çenli) we Aşgabat şäherindäki 62-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nurana Amandurdyýewa (61 kg-den ýokary agram) getirdi. 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annaoraz Azadow (68 kg çenli) bürünç medala mynasyp boldy. Ýene bir bürünç medaly bolsa uly ýaşly türgenleriň arasynda 84 kg-den ýokary agram derejesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl talyby Arslan Babanazarow gazandy.

Türkmen karateçileriniň Merkezi Aziýa çempionaty — 2026-da gazanan bu üstünligine olaryň halypalary — milli ýygyndynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýew, onuň kömekçisi Esenbaý Ýazmedow hem-de milli tälimçiler Maksat Atdaýew we Serdar Muhammetnazarow hem doly derejede şärikdirler.

36 türgen bilen çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysy Täjigistanyň (3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç) hem-de Özbegistanyň (1 altyn, 1 kümüş we 7 bürünç) toparlaryndan öňe saýlanyp, umumy medal hasabynda dördünji orny eýeledi. Ilkinji üçlükde bolsa Gazagystan (41 altyn, 43 kümüş we 72 bürünç), Eýran Yslam Respublikasy (8 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç) hem-de Gyrgyzystan (6 altyn, 7 kümüş we 11 bürünç) ýerleşdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info