5—7-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şaoguan şäherinde karatedo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň (U21) Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa 30 ýurtdan 498 türgen gatnaşdy.
Tälimçi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş eden türkmen ýygyndysy bu ýaryşy ajaýyp netijelere besledi. Şunlukda, türkmen türgenleri karateniň kumite ugrundan iki bürünç medal gazandylar.
Ýetginjeklerden (16-17 ýaş) paýtagtymyzdaky 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew 55 kilograma çenli agramdaky bäsleşikde 3-nji orny eýeledi. 21 ýaşdan geçmedik türgenleriň arasynda 60 kilograma çenli agramda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Garamämmet Garamämmedow bürünç medala mynasyp boldy.
Gazanylan netijeler ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy.

