Türkmen karateçileri Manilada geçirilen dünýä derejeli ýaryşda altyn we bürünç medallary eýelediler

MilliInfo

Türkmenistanyň ýygyndysynyň wekilleri Filippinleriň paýtagtynda geçirilen «Karate 1 Ýaşlar ligasy» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu abraýly ýaryş dünýäniň 58 ýurdundan 12-den 20 ýaşa çenli bolan 790 sany iň güýçli türgeni bir ýere jemledi. Ýaryşda Türkmenistanyň wekiliýetine dört türgen, bir tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi agzalyk etdi.

Aşgabatly mekdep okuwçysy Raýan Gurbanmyradow (52-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy) ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ol ýetginjekleriň arasyndaky kumite görnüşinde (16–17 ýaş, 55 kg çenli agramda) altyn medala mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň 61-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew bolsa kadetleriň arasynda (14–15 ýaş, 57 kg çenli agramda) kumite boýunça çykyş edip, ýygyndy toparyň baýrak gaznasyna bürünç medal goşdy.

Medallaryň eýesi bolan türgenleriň ikisine-de Türkmenistanyň ýygyndysynyň tälimçisi, gara guşagyň V danynyň eýesi Aýdyň Çaryýew tälim berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info