Türkmen suratkeşleri iň naýbaşy eserlerini XI Daşkent halkara biýennalesinde tanyşdyrarlar

MilliInfo

13 Oktýabr, 2026

Türkmen suratkeşleri iň naýbaşy eserlerini XI Daşkent halkara biýennalesinde tanyşdyrarlar

15-nji oktýabrda Häzirki zaman sungatynyň XI Daşkent halkara biýennalesiniň (XI Tashkent International Biennale of Contemporary Art) çäklerinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açylar.

Ekspozisiýada Türkmenistanyň tanymal nakgaşlarynyň eserleri görkeziler:

Azat Myradow

Gunça Myradowan

Toýly Çopanow

Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasy, Özbegistanyň Suratkeşler döredijilik birleşigi we Çeperçilik sergileriniň müdiriýeti giň gerimli sungat forumynyň guramaçylary hökmünde çykyş edýär.

Sergi Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungatyndaky özboluşly milli öwüşgini, däp-dessurlaryň baýlygyny hem-de milli äheňleri giňden açyp görkezer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info