Şu ýylyň 9—16-njy maýy aralygynda türkmen işewürleriniň London şäherine sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen işewürleriniň sapary Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasynyň çakylygy esasynda amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde dokma, oba hojalyk, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk ugurlary, şeýle hem maýa goýumlary çekmek boýunça işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli 102 million funt sterlinge barabar boldy.