Türkmen samboçylarynyň dünýä çempionatynyň birinji günündäki ilkinji medallary

MilliInfo

Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň birinji gününde iki medal gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Zenanlaryň 54 kilogram agram derejesindäki bäsleşiginde çykyş eden Madina Aýdogdyýewa söweş sambosyndan kümüş medal gazandy. Erkekleriň 88 kilogram agramdaky ýaryşynda bolsa Abdylla Nazargeldiýew bürünç medala eýe çykdy.  

Bişkekde geçýän sambo boýunça dünýä çempionaty 9-njy noýabra çenli dowam eder. Planetanyň iň güýçli samboçylary sport we söweş sambosyndan medallar toplumynyň 31-si ugrunda göreşerler. Şeýle-de görüş mümkinçiligi çäkli türgenleriň arasynda ýaryşlar ýaýbaňlandyrylar.

Ýeri gelende bellesek, çempionatyň baýrak gaznasy 341 müň amerikan dollaryna barabar bolar. Şeýlelikde, altyn medal gazananlara 4 müň, ikinji orny eýelänlere 3 müň, öňdäki üçlügi jemlänlere bolsa 2 müň ABŞ-nyň dollary gowşurylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo