Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 15–23-nji aprel aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen himiýa boýunça 60-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasynda ýeňiş gazanan türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan uly ýeňşini dabaralandyrmak çäresi geçirildi.
Bu olimpiada dünýäniň 37 döwletinden mekdep okuwçylarynyň 160-sy gatnaşdy. Ýurdumyza bolsa Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň dördüsi wekilçilik etdi.
Olimpiadanyň jemi boýunça şol mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Rüstem Jumaýew hem-de Diýar Döwletow kümüş, Aýlar Orunowa we 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow bürünç medallarynyň eýesi boldular. Munuň özi ýurdumyzyň toparynyň umumy hasapda 9-njy orna düşendigini görkezýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň bilim ministri üstünlige ýeten ildeşlerimize Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.
Indi bolsa ýeňiji bolan okuwçylara 10—19-njy iýulda Özbegistanda geçiriljek Bütindünýä himiýa olimpiadasynda ýurdumyza wekilçilik etmek jogapkärçiligi garaşýar.