Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçen halkara matematika olimpiadasyndan medally dolandylar

MilliInfo

23 Iyul, 2026

Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçen halkara matematika olimpiadasyndan medally dolandylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 10 – 21-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji halkara matematika olimpiadasynda («IMO – 2026») üstünlikli çykyş edip, bir kümüş we üç bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.

Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, şeýle hem Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow (12-nji synp) we Hemra Gurbanow (10-njy synp) gazandylar.

Şu ýyl abraýly halkara bäsleşigine 119 ýurtdan 685 sany zehinli okuwçylar gatnaşdy. Türkmenistan bu iri intellektual bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň alty okuwçysyndan ybarat milli topar bilen üstünlikli we mynasyp wekilçilik etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info