Türkmen bedewleri Özbegistandaky atly sport festiwalynda ýurdumyza wekilçilik ederler

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew atçylyk pudagynda taýýarlyk görülýän halkara çäreler baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info