Baýrak gaznasy 1 million dollar: Türkmen hünärmenleri emeli aň arkaly düşürilen filmleriň festiwalyna çagyrylýar

MilliInfo
Baýrak gaznasy 1 million dollar: Türkmen hünärmenleri emeli aň arkaly düşürilen filmleriň festiwalyna çagyrylýar

Gazagystanda geçiriljek emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly surata düşürilen filmleriň ilkinji halkara festiwaly — «Astana AI Film Festival» (AAIFF 2026) çäresi emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Bu festiwala gatnaşmaga dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döredijilik toparlary we aýry-aýry awtorlar çagyryldy. Bu çäräniň baş maglumat hyzmatdaşy hökmünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiokompleksi» respublikan döwlet kärhanasy çykyş edýär, onuň düzümine «Kazinform» halkara maglumat agentligi hem girýär.

«AAIFF 2026» bäsleşik maksatnamasynyň esasy temasy — «Ýaşamaga mynasyp geljek». Gatnaşyjylara emeli aňyň kömegi bilen geljek baradaky öz garaýyşlaryny görkezmäge üýtgeşik mümkinçilik berilýär. Festiwalyň açyk bölümi bäş ugur boýunça geçiriler: iň gowy režissýorlyk, wizual dil, täsirli hekaýa, gyzykly konsept we gahrymanyň işlenip taýýarlanylmagy. Bäsleşigiň baş şerti — 10 minuda çenli dowam edýän «Full AI» (doly emeli aň) formatyndaky gysga göwrümli filmi döretmekdir. Umumy baýrak gory bir million dollara deň bolar.

Festiwalyň guramaçylary bäsleşige hödürlenýän filmleriň awtorlyk hukuklaryny goramak baradaky talaplara laýyk gelmeginiň möhümdigine ünsi çekýärler. Işlere halkara bilermenler, režissýorlar, prodýuserler we «creative tech» industriýasynyň wekilleri baha bererler. Bäsleşik işlerini deslapky saýlap almak üçin guramaçylar «EA-eminiň» (emeli aňly eminler toparynyň) mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutýarlar. Netijede iň gowy 25 iş kesgitlener: 10-sy esasy bölümde we 15-si açyk bölümde. Arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam eder. Filmleriň görkezilişi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry bilen 1-nji oktýabry aralygynda Astanada, emeli aňyň meselelerine bagyşlanan «Astana AI Week» hepdeliginiň çäginde geçiriler.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu festiwala gatnaşmagy milli kontentiň halkara derejesinde tanalmagyna ýardam eder, sebäbi bu çäre dünýä jemgyýetçiligine türkmen hünärmenleriniň emeli aň ulgamyndaky ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtda bu çäre daşary ýurtly kärdeşler bilen tejribe we bilim alyşmak, bu ugurdaky döwrebap tehnologiýalar hem-de täze ýörelgeler bilen tanyşmak üçin örän peýdaly bolar. Şunlukda, bäsleşik halkara studiýalary we tehnologiýa kompaniýalary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar, bu bolsa Türkmenistanda bu ulgamyň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine ýardam eder. Iň esasy zat bolsa şeýle abraýly halkara festiwaldaky üstünlikli gatnaşyk Türkmenistanyň innowasiýalara we döwrebap tehnologiýalara açyk ýurt hökmündäki abraýyny has-da berkitmäge kömek eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info