TOHU-nyň talyplary «John Deere» kompaniýasynyň Ýewropadaky kärhanalarynda önümçilik tejribeligini geçdiler

MilliInfo

8 Oktýabr, 2026

TOHU-nyň talyplary «John Deere» kompaniýasynyň Ýewropadaky kärhanalarynda önümçilik tejribeligini geçdiler

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 10 talyby uniwersitetiň 2 mugallymynyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler. Okuw sapary dünýä belli maşyn gurluşyk kompaniýasynyň önümçiliklerindäki öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak we onuň häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen geçirildi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Mangeým şäherindäki traktor zawodynda, şeýle hem maldarçylyk ugruna ýöriteleşen «Lehr und Versuchsanstalt Neumühle» ylmy, okuw-önümçilik kärhanasynda boldular. Bu ýerde tejribe geçýän gatnaşyjylar kuwwatly maşynlardan peýdalanmagyň düzgünleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

«John Deere Forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş tapgyrlary, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Kompaniýanyň sargyt edijileriň şahsy talaplaryny nazara alyp, degişli tehnikalary öndürmek üçin mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Tejribeligiň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň zawodynda okuw sapaklary geçirildi. Bu zawodda asylýan we özi ýöreýän pürkijiler öndürilýär. Türkmen wekiliýetiniň agzalary M700i, M900i, R414i, R4150i modelleriniň häzirki zaman pürkijileriniň, şeýle hem täze 550R özi ýöreýän pürkijiniň innowasion tehnologiýalary we önümçilik tapgyrlary bilen tanyşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini ýokary takyklykda ulanmaga mümkinçilik berýän «ExactApply» integrirlenen ulgamynyň aýratynlyklary, şeýle hem kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitleýän we diňe zerur ýerleri işläp bejermäge mümkinçilik berýän «See and Spray» tehnologiýasy barada gürrüň berdiler.

Saparyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäheriniň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp gördüler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info