29-njy iýun — 20-nji iýul aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
Üç hepdelik dowam edýän tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri, bilen tanyşýarlar. Talyp ýaşlarymyz tejribeligiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem talyplar «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti» boýunça hem-de «Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň gelejegi», «Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň gelejegi» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.
Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar okuw prosesine sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylyşy, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy, Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan, hytaý talyplary we türkmen ýaşlary bilen ýakyndan tanyşýarlar hem-de tejribe alyşýarlar.
Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen baglaşylan Ähtnamanyň we Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän bu okuw-önümçilik tejribeliginiň talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Netijede, bu okuw-önümçilik tejribeligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylym- bilim ulgamynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar.
