Ýurdumyzyň talyplary maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular.
Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde, Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemlän bäsleşigiň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aň tehnologiýasyny ulanmak we şunuň bilen bagly töwekgelçilikler boldy.
Olimpiada ýurdumyzyň ýedi ýokary okuw mekdebiniň on talyby gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça ýaryşyp, iki bäsleşigi ýeňiş bilen jemlediler we baýrakly orunlaryň altysyna mynasyp boldular.
Halkara gatnaşyklar ugry boýunça:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Dawud Abdykadyrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Hukuk ugry boýunça:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepo Rejepow we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Güljahan Gurbanowa olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Ykdysadyýet ugry boýunça:
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şükür Esedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Gezerow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Hanmuhammet Tuwakow baýrakly orunlary eýelediler. Şol institutyň talyby Bahar Bekiýewa olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda mynasyp çykyş etdi.
Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça:
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazar Begnazarow hem baýrakly orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Jumageldi Serdarow hem jemleýji tapgyrda öz bilimini we ukybyny görkezmegi başardy.
Ýeňiji bolan we baýrakly orunlara eýe çykan talyplarymyz bilimlerini eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirjekdiklerini, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara giňişlikde mundan beýläk-de belende götermäge çalyşjakdyklaryny tassyklaýarlar.
