Türkmen talyplarynyň gardan ýasan bedewi Harbindäki halkara festiwalyň baýragyna eýe boldy

MilliInfo

Harbin inženerçilik uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary Harbin şäherinde geçirilen talyplaryň arasyndaky gar heýkeltaraşlygynyň 18-nji halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandylar.

«Türkmenistanyň buýsanjy» diýlip atlandyrylan simwoliki heýkel işini hödürlän topar halkara meýdançasynda halkymyzyň milli medeniýetini mynasyp görkezmegi başardylar ikinji orna mynasyp boldy.

Heýkeliň awtorlary Didar Serdarow, Ilmyrat Rejepow, Ýusupjan Joraýew we Bagtyýar Amanowdyr. Heýkel işiniň merkezinde ahalteke bedewi durýar. Gardan we buzdan ýasalan bedewiň heýkeli syraty hem nepisligi bilen eminler toparyny haýrana goýdy. Şunlukda, türkmen toparyna bäsleşigiň guramaçylyk komiteti tarapyndan şahadatnama gowşuryldy.

Bedew ýylynda gardan bedewiň heýkelini ýasamak arkaly gazanylan üstünlik 2026-njy ýylyň has uly netijelere beslenjekdiginiň buşlukçysy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info