Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde 28-nji iýul — 30-njy awgust aralygynda guralýan nemes dili boýunça tomusky kurslara gatnaşýarlar.
Deslapky saýlama işleriniň netijesinde Germaniýadaky dil tejribeligine gatnaşmak hukugy Türkmenistanyň 8 ýokary okuw mekdebinden bolan 11 talypa berildi.
Talyplar üçin niýetlenen bilim çäreleri Germaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň binýadynda, häzirki zaman usulyýetleri esasynda we tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Tejribelik maksatnamasyna gatnaşyjylar hünär başarnyklaryny we tejribelerini çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, lingwistik bilimlerini we aragatnaşyk ukyplaryny baýlaşdyrmaga gönükdirilen manyly sapaklary geçýärler.
Daşary ýurtlular üçin Germaniýadaky iň iri talyp haky maksatnamasyny üpjün ediji bolan Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugy (DAAD) daşary ýurt dillerini öwretmek ulgamynda Türkmenistanyň köp ýyllyk hyzmatdaşydyr. DAAD gullugy 1997-nji ýyldan bäri Aşgabatda Germaniýada bilim almak isleýänler, talyplardyr uçurymlar we ylmy gözlegçiler üçin niýetlenen stipendiýa maksatnamalary boýunça maslahat beriş işlerini alyp barýar.
DAAD Türkmenistanyň orta mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän bilim çärelerine işjeň gatnaşýar, şeýle hem türkmen uçurymlary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar.